Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny hem-de işgärlerini «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlady.
"Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy dabaralandyrýan bu baýram parasatly halkymyzyň merdi-merdanalyga, Watan mukaddesligine goýýan belent hormatyny alamatlandyrýar.
...Watan goragy merdanalygyň milli mekdebidir. Watan goragçylary bolsa bu mekdebi mynasyp dowam etdirijilerdir. Hut şonuň üçin hem hünär taýdan taýýarlykly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn harby gullukçylarymyzyň ýurdumyzda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerinde görkezýän merdi-merdanalygy, belent watansöýüjiligi ata-babalarymyzyň watanperwerlik ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi milli Ýaragly Güýçlerimizde Watanymyzyň asudalygyny, abadançylygyny berkarar etmäge hemişe taýýar edermen gerçekleri ýetişdirmek, bilimli, harby hünäre wepaly nesilleri taýýarlamak ýaly möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen tutumly işleriň oňyn netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Ol merdana ýurt goragçylarymyzyň Watanymyzy goramakda öz eginlerine düşýän belent jogapkärçilige ygrarlydyklaryny görkezýär.
...Siziň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, döwletimiziň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak ýaly belent borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, munuň üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn." - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.







