GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin halkara tejribesi bolan hünärmenler taýýarlanylýar
24.01.2026

23-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Batyr Amanow nebitgaz toplumy üçin halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda ýokary derejeli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.