Türkmenistan 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklygynda ykdysady, ulag we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň ygtyýarly wekili, Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Ykdysady meseleler boýunça toparyň başlygy Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çärede – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. Mejlis 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda geçirildi.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasyndan ugur alnar.
2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýanyň esasy ugurlary, şeýle hem ekologiýa meselelerini, durnukly ösüşi, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de Hazar sebitiniň biodürlüligini goramak babatyndaky hyzmatdaşlygy öz içine alýar. Ynsanperwerlik ugry Türkmenistanyň başlyklygynyň möhüm bölegi bolar. Biziň ýurdumyz bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk we KHBS babatdaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de Arkalaşygyň halklarynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga goşant goşýandygyndan ugur alýar.
Sözüniň ahyrynda Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklygynyň GDA-nyň deňhukukly hyzmatdaşlyk we ynanyşmak üçin meýdança hökmündäki ornuny ep-esli berkitmäge, agza döwletleriň arasyndaky ykdysady we ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem XXI asyryň derwaýys meselelerine täze çemeleşmeleriň utgaşdyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.







