23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara tejribeler öwrenilip, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Şeýle-de Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklarynyň guralandygy, şunuň bilen birlikde, olaryň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatlaryna we duşuşyklaryna, beýleki çärelere gatnaşyp, kanun çykaryjylyk işi barada özara tejribe alşandyklary hakynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň dürlli pudaklarynda maskatnamalaryň durmuşa geçirilişi, ýurdumyzyň içinde we daşynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna käbir teklipler we taslamalar hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, hödürlenen degişli teklipleri makullady we wise-premýerlere teklipleriň durmuşa geçirilişi babatynda anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







