“MULTIPOWER SRL” kompaniýasy Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi. Bu barada kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Ionel Minea Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew bilen geçirilen duşuşykda mälim etdi.
Gürrüň gaýtadan işlenen önümleriň käbir görnüşlerini, şol sanda tebigy gazdan we nebitden öndürilýän önümleri ibermek barada gidýär.
Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirip, bu ugurda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdüriljekdigine umyt bildirdiler.







