Týumen döwlet uniwersitetiniň alymlary (Russiýa Federasiýasy) ýokary şepbeşikli nebiti gazyp almagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin nebitiň gatlagiçi ýanmagyny modelirlemegiň täze usulyny işläp taýýarladylar. Alymlaryň barlaglary «Journal of Engineering Physics and Thermophysics» žurnalynda çap edildi diýip, «ferra.ru» saýty habar berýär.
Bu usul nebitiň durnukly ýanmagyny üpjün etmek üçin nebitli gatlaga nasos arkaly howa ýygnamagy göz öňünde tutýar. Munuň özi nebitiň şepbeşikligini peseldýär we onuň çykarylmagyny ýeňilleşdirýär. Täze tehnologiýa ýokary şepbeşikli nebit känleri üçin ykdysady taýdan amatly bolup durýar.
Alymlar gatlakda okislendirijiniň, nebitiň, suwuň we ýanyjy önümleriň häsiýetlerini çaklamak üçin ýönekeýleşdirilen bir ölçegli modeli döretdiler. Munuň özi iň amatly tehnologik parametrleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
«Tehnologiýanyň mazmuny nasos arkaly gatlaga howa ýygnamakdan we nebitiň durnukly ýanmagy üçin şertleri döretmekden ybarat bolup durýar. Ýanyş mahalynda ýylylygyň bölünip çykmagy, netijede, nebitiň şepbeşikliginiň peselmegi onuň çykarylyşyny ýeňilleşdirýär. Beýleki ýylylyk usullary bilen deňeşdirilende, gymmat bolmadyk bu tehnologiýa has ýokary şepbeşikli nebit ýataklary üçin amatlydyr» diýip, uniwersitetiň fiziki prosesleri we ulgamlary modelirlemek kafedrasynyň hünärmeni Aleksandr Gilmanow aýdýar.







