GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Söwda amallaryny sanlylaşdyrmak we ýeňilleşdirmek: Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda ädimleri
23.01.2026

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde söwdany ýeňilleşdirmek üçin gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak we sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň başlygy Galina Romanowa Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerinde geçirilen ykdysady forumda eden çykyşynda belledi.

Galina Romanowa Türkmenistanyň synçy derejesini alandan bäri, BSG-niň ylalaşyklarynyň milli bähbitlere we ösüşiň uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelmegini üpjün etmek üçin olary düýpli öwrenýändigini belledi.

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar. Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn ser salmak foruma gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Foruma gatnaşyjylara ýollan Gutlagynda hormatly Prezidentimiz Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän ykdysady forumyň Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.