GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
“Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýar
23.01.2026

Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, “Trend” agentligi habar berdi.

Şeýle hem Ýaponiýanyň uly senagat konglomeraty öz halkara tejribesine we häzirki zaman tehnologik çözgütlerine daýanmak bilen, ýurduň senagat ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Kompaniýanyň wekili “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasynyň Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýynyň häzirki wagtda giň amatly şertleri döredýändigine ýokary baha berýändigini hem aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýasy Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşdy. Zawod ýylda 1,8 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işläp, 600 müň tonna ECO-93 görnüşli benzini, 12 müň tonna dizel ýangyjyny hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürýär.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin bilelikdäki ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramowyň Tokioda Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýapon tarapy 2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Tokio şäherinde geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň beýan eden ykdysady taslamalary boýunça, şol sanda sirkulýar ykdysadyýet taslamasy boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny tassyklady.

Duşuşykda şeýle hem Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasterini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu işe «Sumitomo Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýasy işjeň gatnaşýar.