21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol geçen ýylyň dowamynda “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilen işler, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak, Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak babatda geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barlandygyny, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak ugrunda degişli işleriň ýerine ýetirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek we ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça, şeýle-de harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak, olaryň hünär taýýarlygyny we bilimini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 35 ýyl dolýandygyny göz öňünde tutup, bu baýrama hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly düzümleriň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylan işler barada hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilip geçilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyza wepaly gulluk edip, onuň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny ygtybarly goramagyň, kanunçylygy üpjün etmegiň, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramagyň Watan goragçylarynyň mukaddes borjudygyny belläp, olaryň bu borjy ak ýürekden, yhlas bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli harby gullukçylaryny, işgärlerini ýetip gelýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







