GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň iş meýilnamasy 110,9 göterim ýerine ýetirildi
22.01.2026

«Türkmennebit» döwlet konserninde amala aşyrylýan özgertmelerde «Türkmennebitgeofizika» müdirligi esasy orun eýeleýär. Müdirligiň hünärmenleri burawlanan, şeýle hem buraw işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenýärler hem-de zerur bolan çäreleri takyk amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işleri ýerine ýetirýärler. Has anyk kesgitlemeleri, takyk çözgütleri talap edýän şeýle möhüm işlerde müdirligiň barlaghanalary, şol sanda kuwwatly awtoulaglarda oturdylan göçme barlaghanalar netijeli ulanylýar.

Geçen ýyl kärhana boýunça 105 million 339 müň 767 manatlykdan gowrak gözleg-barlag we geofiziki işler ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, göz öňünde tutulan meýilnama 110,9 göterim berjaý edildi.

Döwrüň kämil enjamlaryna we tehnologiýalaryna eýe bolan hem-de olary netijeli işletmegiň hötdesinden gelýän Balkanabat şäherindäki «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleridir işçileri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemläp, täze ýylda-da uly zähmet üstünliklerini gazanmak ugrunda yzygiderli yhlas edýärler.