GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylaryna gutlag hatyny ýollady
21.01.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylaryna gutlag hatyny ýollady.

Gutlag hatynda Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän ykdysady forum Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder, diýip belledi.

Bu ähmiýetli foruma gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, senagat-innowasion ösüşi, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşarlar.

Ykdysady forum Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna agza döwletleriň bu düzümi parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk üçin giň meýdança öwürmek ugrunda alyp barýan tagallalaryna işjeň goşulýandygyny subut eder. Şeýle hem forum SPECA tarapyndan kabul edilen strategik resminamalaryň ýerine ýetirilişini gözden geçirmek, olary has giň gerimde durmuşa geçirmek, aýratyn-da, 2030-njy ýyla çenli SPECA-nyň Ösüş konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak ýaly Türkmenistanyň umumy maksatlaryna laýyk gelýär.

"Sizi SPECA hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forumyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn" - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Foruma gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.