«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň bedenterbiýe boýunça şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, açyk howada maşk edilýän döwrebap meýdança döredildi. Meýdança häzirki zaman talaplaryna laýyk bolup, onda maşklary ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Sport enjamlary hil taýdan berk talaplara laýyklykda saýlanyp, howanyň dürli şertlerinde ulanmaga amatlydyr.
Mundan başga-da, meýdançada agşamara wagtlary hem türgenleşik geçirmek üçin ýörite yşyklandyryş ulgamy oturdyldy. Bu sport meýdançasy ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmegine, bedenterbiýe-sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna we zehinli türgenleriň ýüze çykmagyna uly mümkinçilik berer.
Talyplar üçin döredilen bu amatly şertler olaryň boş wagtyny sagdyn we peýdaly geçirmeklerine, hyjuwlarynyň ýokarlanmagyna hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça gazanýan üstünlikleriniň artmagyna ýardam eder.







