«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Düýpli abatlaýyş müdirligi Türkmenistanyň iň iri känlerinde nebit guýularynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek ugrunda netijeli işleri amala aşyrýar.
Müdirligiň abatlaýyş toparlary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny her gün ýüzlerçe müň tonna nebit we uly göwrümli tebigy gaz bilen üpjün edýän "Goturdepe", "Barsagelmez" we "Gamyşlyja" ýataklarynda guýularyň ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini alyp barýarlar.
Abatlaýyş işleriniň barşynda döwrebap enjamlar, hususan-da, ýük göterijiligi 80-den 120 tonna çenli bolan J-650 göteriji desgasy giňden ulanylýar. Çeýe nasos-kompressor turbalarynyň ulanylmagy abatlaýyş möhletlerini ep-esli gysgaltmaga we guýularyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu desgalaryň kömegi bilen guýularyň düýp zolagy gatlak çökündilerinden arassalanýar we çäge dykylary ýuwulýar.
Nebit we gaz çykarylyşyny durnukly saklamakda «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň çeýe nasos-kompressor turbalary arkaly guýulary düýpli abatlaýyş sehine esasy orun degişlidir. Bu sehiň başlygy Abdylla Baýrammämmedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.







