GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
"Türkmennebit" döwlet konserniniň önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýokary islegden peýdalanýar
19.01.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny, “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.