GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
19.01.2026

17-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk-senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew we toplumyň döwrebaplaşdyryş işlerini ýerine ýetirýän Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasynyň wekili R.Akçi öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň barşy barada giňişleýin maglumat berdiler.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna toplumy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda maglumat berýän şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi ýaly, Ahalteke atçylyk toplumyna barýan ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek işleri, yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

“Ýol gurluşygynda ösen tejribeleriň ulanylmagyna, ýoluň gönüligine, tekizligine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde ýoluň yşyklandyryş ulgamynyň döredilmeginde döwrebap usullar ulanylmalydyr. Ýol ýakalarynda ekilýän baglar bu künjegiň ekologik derejesiniň has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirmelidir” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine toplumyň binalarynyň içinde ýerleşdiriljek bedewleriň heýkelleriniň görnüşleri, otaglaryň bezeginde ulanylmagy meýilleşdirilýän surat eserleri görkezildi.

Toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäklerini abadanlaşdyrmak işleri ynanylan kompaniýanyň wekili hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we toplumyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän at heýkelleriniň görnüşleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu babatda ýurdumyzyň degişli düzümleriniň wekilleri bilen utgaşykly işler amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz bedew heýkelleri we toplumyň binalarynyň bezeginde ulanyljak serişdeler bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.