16-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hepdeligiň maksatnamasyna Ykdysady forum, iş toparlaryň mejlisleri we birnäçe duşuşyklar girizildi.
Üns merkezinde ykdysadyýet, energetika we suw serişdeleri ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmek, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi baradaky gün tertibi, ulag özara baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de BMG-niň standartlary esasynda sanly söwda-ykdysady geçelgeleri ösdürmek ýaly möhüm ugurlar bolar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup galýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.







