GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň we Gazagystanyň üsti bilen geçirilen nebitiň mukdary 3,7 million tonnadan gowrak boldy
15.01.2026

2025-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Baku – Tbilisi – Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly Türkmenistanyň we Gazagystanyň üsti bilen geçirilen nebitiň mukdary 3 million 707,6 müň tonna deň boldy.

Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, "Report.az" neşiriniň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli nebit geçirijisi boýunça nebitiň umumy geçirilen möçberiniň 14,9 göterimini düzýär.

Umuman, 2025-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Azerbaýjanyň magistral nebit geçirijileri arkaly 33 million 408,9 müň tonna nebit geçirildi.

1768 kilometr uzynlygy bolan Baku – Tbilisi – Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi Hazar deňzinden çykarylýan çig nebiti dünýä bazarlaryna çykarmak üçin iň möhüm ugurlaryň biridir. Turba geçiriji öz gözbaşyny Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan alyp, Gruziýanyň üsti bilen Türkiýe Respublikasynyň Ortaýer deňzindäki Jeýhan portunda tamamlanýar. Şeýlelikde, nebitiň halkara bazarlara çykarylmagyny we sebitiň ýurtlarynyň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşmagyny üpjün edýär.