14-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi.
Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Iň ýokary we ýokary derejeli geljekki saparlara taýýarlyk görmeklige, birnäçe sebitleýin we halkara gün tertibiniň meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar şeýle hem ýokary tehnologiýalar, ulag, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we ýokary hünär bilimi ugurlary boýunça häzirki dowam edýän we geljekde mümkin bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.







