GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanda elektrik energiýa torunyň döwrebaplaşdyrylmagyny goldady
14.01.2026

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen elektrik energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk edýär. "Ýurduň elektrik energetika pudagynda halkara maliýe institutynyň ilkinji taslamasy bahasy 500 million dollar bolan «Elektrik energetika torunyň ösüşiniň milli strategiýasydyr» , diýip Aziýanyň ösüş banky duşenbe güni habar berdi.

Taslamanyň çäklerinde Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda we Aşgabatda kuwwatlylygy 110, 220 we 500 kW-a deň bolan 1,4 müň km-e golaý elektrik geçiriji liniýalaryň hem-de 11 sany elektrik podstansiýalaryň gurluşygy maliýeleşdirildi.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi eýýäm köp netijeleri berdi: elektrik energiýasynyň eksporty 2017-nji ýylda 3,4 terawatt sagatdan 2023-nji ýylda 9,3 terawatt sagada çenli ýokarlandy. Mundan başga-da, Ýaponiýanyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde durnukly ösüş gaznasy arkaly 1,5 million dollar möçberinde tehniki goldaw berildi.

Taslamanyň hyzmatdaşlary hökmünde «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy çykyş edip, taslamanyň maliýe goşandysy 175 million dollar boldy.

Aziýanyň ösüş banky — Aziýa — Ýuwaş ummany sebitindäki ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşine maliýe serişdeleri we tehniki goldaw bermek arkaly ýardam edýän halkara maliýe guramasydyr.