Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12-nji ýanwarda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň işine ýokary baha berip, diplomatlar duşuşygyň barşynda geçen ýylyň jemlerini jemlediler we şu ýyl üçin öňde duran ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar 2025-nji ýylda kabul edilen we Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda bellenilen wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek boýunça meýillerini tassykladylar.
Şeýle hem Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ählisiniň gatnaşmagynda sebitleýin ölçegde maksatnamalaýyn-taslama işlerini öňe sürmek meselelerine seredilip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek barada pikir alyşmalara aýratyn üns berildi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz bu başlangyjy 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forumda yglan etdi.
Bu başlangyç halkara forumyň ähli gatnaşyjylary tarapyndan goldanyldy we forumyň jemleri boýunça kabul edilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradylan Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy.







