2025-nji ýylda Türkmenistan elektron söwda ulgamynda uly ösüş gazandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaý boýunça dürli banklar arkaly elektron söwda ulgamyna 1 043 söwda nokady birikdirildi – olara ýöriteleşdirilen internet-dükanlar we internet arkaly bank kartlaryň üsti bilen töleg kabul edýän edara-kärhanalar degişlidir.
Elektron söwda nokatlarynyň sany boýunça öňdebaryjy orny «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky eýeläp, ol 571 nokady özünde jemleýär. Ikinji orny 248 sany elektron söwda nokady bilen «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky eýeleýär. Bu ulgama girýän beýleki banklar aşakdakylardyr:
«Türkmenistan» döwlet paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň daşary ykdysady iş banky, «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky we «Daýhanbank» döwlet paýdarlar täjirçilik banky.
Elektron söwda nokatlarynyň uly bölegi Aşgabatda ýerleşýär – 719 nokat, bu umumy sanynyň takmynan 69 %-ini emele getirýär. Ýurduň beýleki sebitlerinde söwda nokatlarynyň paýy şeýle: Lebap — 90, Mary — 70, Balkan — 68, Daşoguz — 50, Ahal — 40, Arkadag şäheri — 6.
Elektron söwda ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň mukdary hem artýar: bir ýylyň dowamynda internet-dükanlar we onlaýn hyzmatlar arkaly tölegler 84 % ýokarlanyp, olar 2,63 milliard manada deň boldy.
Bilermenler elektron söwdanyň ösmegini Türkmenistanyň bank ulgamynyň doly sanlylaşdyrylmagy, bank kartlarynyň giňden ulanylmagy, häzirki zaman POS-terminallarynyň we mobil bank hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle-de "Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň" kabul edilmegi geljek ýyllarda onlaýn tölegleriň giňeldilmegine goşmaça mümkinçilik döredýär.







