GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
12.01.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy ýanwarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyza ikinji tapgyryň möhüm desgasy bolan lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynyň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Ýaponiýanyň “Toyo Engineering Corporation”, “Mitsubishi”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.”, “Sumitomo Corporation”, “Komatsu”, «ITOCHU Corporation», şeýle hem Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.», “Hyundai Engineering Co. Ltd.” ýaly meşhur kompaniýalary ýurdumyzda birnäçe gurluşyklary amala aşyrdylar we iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallaryň we olardan alynýan önümleriň hiline, ekologik derejesine berlen laýyklyk güwänamalarynyň görnüşleri, himiýa senagatyna degişli önümleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň barlaglaryna degişli güwänamalar görkezildi. Aýratyn-da, klasteriň ISO standartlaryna laýyk gelýän güwänamalaryna möhüm orun berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň desgalarynda önümçiligi meýilleşdirilýän dürli görnüşli harytlary öndürmekde ulanylýan ýerli çig mallaryň ISO standartlaryna alnan laýyklyk güwänamalary we olaryň hil derejesi barada giňişleýin maglumat berdi.

Milli Liderimiz degişli komitetiň bu ugurdaky işleriň göwnejaý alnyp barylmagyny hemişe gözegçilikde saklamalydygyny, her bir öndürilýän we öndüriljek önümiň hil barlagyny geçmelidigini, döwrebap enjamlaryň işleýiş ukybyny seljermelidigini aýtdy.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherdäki umumybilim berýän mekdebi döwrebaplaşdyryp, ony daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe öwürmek boýunça meýilleşdirilen işler barada maglumat berdi.

Ganhryman Arkadagymyz bu çözgüdi oňlap, ýöriteleşdirilen mekdebiň ähli düzümleriniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň we beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.