GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýerli halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň we Mej­li­siň deputatlarynyň saý­law­la­ry bel­le­nildi
08.01.2026

Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law ko­dek­si­niň 4-nji, 85-nji we 87-nji mad­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si

we­la­ýat­lar­da tä­ze dö­re­di­len et­rap­lar­da halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň we we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň hem-de Ge­ňeş­le­riň çy­kyp gi­den ag­za­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­la­ry bel­le­mek ha­kyn­da Karar kabul etdi.

Resminama laýyklykda, halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň saýlawlary Ahal we­la­ýa­ty­nyň Al­tyn asyr et­ra­by­nda, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ga­raş­syz­lyk, Gu­ba­dag, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Döw­let­li, Fa­rap, Ga­ra­be­ke­wül et­rap­la­ry­nda, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Oguz­han et­ra­by­nda geçiriler.

Şeýle hem Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den­dik­le­ri bi­len bag­ly­lyk­da, saýlawlar Le­bap we­la­ýa­ty­nyň 74-nji «Amy­der­ýa», 79-njy «Dar­ga­na­ta», Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň 104-nji «Pe­şa­na­ly» we 106-njy «We­kil» saý­law ok­rug­la­ry bo­ýun­ça bellenildi.

Saýlawlar 2026-njy ýy­lyň 29-njy mar­ty­na, ýek­şen­be gü­nü­ne bel­le­nildi.