GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
2026-njy ýylyň şygary — Türkmenistanyň milli buýsanjynyň we maksada okgunly ösüşiniň beýany
07.01.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gadam basylýandygyny alamatlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä, onuň şygarynda ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesini artdyrmaga ýardam edýär.

2026-njy ýylyň şygarynda diňe bir halkymyzyň öz taryhy köklerine ygrarlylygy däl-de, eýsem, häzirki döwrüň hakykaty hem öz beýanyny tapýar. Ýylyň ady 2025-nji ýylda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde kesgitlenen ýokary depginli ösüşleri gönüden-göni şöhlelendirýär.

Gündogar müçenamasynda ýylky ýylynyň güýç-kuwwaty, asyllylygy we öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin tutanýerli erki aňladýandygyny bellemek gerek. Gadymy döwürlerden bäri ajaýyp halylar, nepis şaý-sepler bilen bir hatarda, ahalteke bedewleri hem halkymyzyň baýlygy hasaplanýar.

Türkmenistanda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ata-babalarymyzyň atşynaslyk däpleri gaýtadan dikeldilýär, türkmen atşynaslyk sungaty täze sepgitlere ýetýär. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen bütin dünýäde tanalýan behişdi bedewleriň meşhurlygy barha artýar. Ajaýyp türkmen atlaryna bolan ägirt uly gyzyklanmany göz öňünde tutup, daşary ýurtlardaky ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Türkmen atçylyk sungatynyň dünýä giňişligine işjeň goşulyşmagy ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işinde aýdyň beýanyny tapýar.

2025-nji ýylyň ýanwarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredildi. Şondan bäri bu topar uly üstünlikleri gazanyp, özboluşly çykyşlary bilen dünýäde uly abraýa eýe boldy. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen jigitleri abraýly halkara meýdançalarda ykrarnama, Italiýada, Hytaýda, Russiýada we beýleki ýurtlarda geçirilen sirk sungaty festiwallarynda birnäçe gezek Baş baýraga hem-de ýokary baýraklara mynasyp boldular.

Milli Liderimiziň bütin dünýäniň alymlarynyň we atlaryň muşdaklarynyň ýankitabyna öwrülen düýpli işleri hem ahalteke bedewleriniň meşhurlygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz öz kitaplarynda diňe bir tohumyň özboluşly taryhyny we genetiki mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halky bilen onuň wepaly ýoldaşynyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygyň filosofiýasyny hem beýan edýär. Bu kitaplar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ylmy we ideologik binýady emele getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, köpugurly döredijiligi netijesinde häzirki wagtda ahalteke atlarynyň dünýä derejesindäki abraýynyň barha artýandygynyň şaýady bolýarys. Olaryň ÝUNESKO tarapyndan ykrar edilmegi we Arkadag şäherinde öňdebaryjy Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy. 2023-nji ýylyň dekabrynda bu guramanyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen bu çözgüt ahalteke atlarynyň bütindünýä mirasy hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi.

Arkadag şäheri Türkmenistanyň intellektual platformasyna öwrüldi. Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi onuň ylym-bilim klasteriniň esasy bölegi bolup, merkeziň alyp barýan toplumlaýyn işi ahalteke atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, öwrenmäge we olaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga, halk seçgiçiliginiň köpasyrlyk tejribesini häzirki zaman ylmynyň iň täze gazananlary bilen utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Ylmy-önümçilik merkezi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda hereket edýär. Ylmyň we bilimiň şeýle utgaşdyrylmagy talyplara, ýaş alymlara hakyky ylmy-barlag işlerine gatnaşmaga mümkinçilik döredýär hem-de iň öňdebaryjy biotehnologiýalar bilen işlemäge ukyply hünärmenleriň täze nesliniň taýýarlanylmagyny üpjün edýär.

2023-nji ýylda agzalan bilim ojagynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini bellemek gerek. Bu çözgüt Arkadag şäheriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygyň halkara merkezi hökmündäki derejesini görkezýär. Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi bolsa ÝUNESKO-nyň maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäginde halkara ylmy-amaly maslahatlary, seýisler we weterinar lukmanlar üçin okuwlary guramak hem-de tejribe alyşmak arkaly halkara assosiasiýalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Umuman, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn ösüş maksatnamasyny özünde jemleýär. Ol milli ýörelgelere ygrarlylygy, şol bir wagtyň özünde ählumumy ösüşe we tehnologik täzeliklere açyklygy alamatlandyrýar.