“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Çäre ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Oňa mugallymlar we talyp ýaşlar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini bellediler.
Şeýle hem çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de çärä gatnaşyjylary, olaryň üsti bilen ähli halkymyzy täze, 2026-njy ýylyň başlanmagy hem-de bu ýylyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.







