GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
03.01.2026

Arkadag şäheriniň häkimliginde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Çäre Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň ösüşleriniň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini ýüze çykardy.

Aýdym-sazly dabaraly maslahata Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýolbaşçylary hem-de bu ugra ýöriteleşdirilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, pudagyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşululary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen şygar bilen geçen 2025-nji ýylyň ahyrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde täze ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edendiklerini aýdyp, bu teklibi goldamak bilen, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edendigine ünsi çekdiler.

Çärä gatnaşyjylar çykyşlarynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrandygyny aýtdylar. Geçen ýyl Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolan“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýew hem-de Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy K.Täşliýew çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň özgertmelerini we çalt depginli ösüşini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan ilkinji çäräniň hut ahalteke bedewleriniň mekany bolan Arkadag şäherinde — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurlan ýerinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Häkimligiň giň eýwanynda Arkadag şäheriniň gazanan üstünliklerini we ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, halylaryň, şaý-sepleriň hem-de fotosuratlaryň sergisi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ahalteke bedewlerine bagyşlanyp ýazylan kitaplara aýratyn orun berildi.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.