GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
2026-njy ýylda ilkinji çaga Aşgabatda dünýä indi
02.01.2026

Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynyň ir säherinde täze ýylyň ilkinji perzendi dünýä indi. Gaýypowlaryň maşgalasyna goşulan bäbejik "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany" ýyly diýlip yglan edilen ýylda doguldy.

Lukmanlaryň aýdýan maglumatlaryna görä, täze doglan çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly. Onuň agramy 3 kilogram 100 gram, boýy bolsa 48 santimetr ölçeglerde bellige alyndy.

Ene-atalar oglan bäbejige Atamyrat adyny goýdular. Täze dünýä inen çaganyň ady şu ýylyň şygaryny beýan edýän ata-babalarymyzyň "At – myrat" diýen paýhasly jümlesine laýyk gelýär.

Çaganyň ene-atasy ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Bäbegiň dünýä inmegi mynasybetli bagtly maşgala döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.