Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Geljekki nebitçiler okuw-önümçilik tejribeligini üstünlikli geçdiler
31.12.2025

Balkanabat nebit kollejiniň talyplary «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüm bölümlerinde okuw-önümçilik tejribeligini üstünlikli geçdiler. Okuw meýilnamasyna laýyklykda guralan bu tejribe talyplara nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Tejribäniň dowamynda talyplar konserniň kärhanalarynyň dürli bölümlerinde önümçilik işleriniň dürli tapgyrlary bilen tanyşdylar.

Tejribäniň dowamynda talyplar dürli enjamlar bilen işlemäge, şeýle-de nebit we gaz çykarmak hem-de gaýtadan işlemek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, olar iş prosesleri, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi we önümçiligiň guramaçylyk aýratynlyklary bilen amaly taýdan tanşyp, tejribeli hünärmenlerden gymmatly maslahatlary aldylar.

Okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda alnan bilimler we başarnyklar geljekde häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýokary hilli önümçilik usullaryny ulanýan pudakda talyplaryň netijeli işlemegine ýardam eder.