Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
2026-njy ýylda Türkmenistanda halkara sergileriň jemi 15-si geçiriler
31.12.2025

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýyl üçin halkara sergileriň sanawyny yglan etdi. Ýylyň dowamynda ýurtda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli jemi 15 sany iri sergiler, forumlar we maslahatlar geçiriler.

Guraljak forumlaryň iş möwsümi 10-12-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi bilen açylar. Martda üç çäre bolar: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty (17-19-njy mart) hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum (18-nji mart).

Ýaz döwründe «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty (14-16-njy aprel), Türkmen‑hytaý işewürlik forumy we sergisi (28-30-njy aprel), şeýle hem"Agro Pack Turkmenistan-2026" (12-14-nji maý) halkara sergisi geçiriler. 24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergi geçiriler.

Tomusda «Turkmentextile Expo – 2026» atly halkara sergi we maslahat (4–6-njy iýun) hem-de «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi‑ýarmarkasy (19-22-nji awgust) meýilleşdirilýär.

Güýz döwri köp çäreler bolar. Has takygy, sentýabrda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi bolar (17-19-njy sentýabr). Oktýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (1-30-njy oktýabr), «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat (10-12-nji oktýabr), şeýle hem «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahat we sergi (21-23-nji oktýabr) geçiriler.

Noýabrda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat (3-5-nji noýabr), şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahat we sergi; «Türkmentel – 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat (24-26-njy noýabr) geçiriler.