Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan we Özbegistan 2026-njy ýylda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar
30.12.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 29-njy dekabrda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler, olar täze — 2026-njy ýyl mynasybetli gutlaglary alyşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi we goňşy döwletiň ykdysady üstünliklerine ýokary baha berdi. Onuň aýtmagyna görä, Özbegistanyň jemi içerki önümi 2025-nji ýylda 145 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Indiki ýyl üçin ykdysady ösüşiň depgininiň bolsa 6,6 göterim bolmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hem okgunly ösýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly bilen baglylykda Türkmenistanda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini aýtdy. Geljek ýylyň şygarynda ýurdumyzyň bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan ösüşleri öz beýanyny tapýar.

Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň we dürli derejelerde özara saparlaryň işjeňleşendigine ünsi çekdiler. Gahryman Arkadag Türkmenistanda geçirilen, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahata Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşandygyny belledi.

Milli Liderimiz iki ýurduň diplomatlarynyň halkara ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri ilerletmäge gönükdirilen özara gatnaşyklary dowam etdirjekdigine ynam bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna we ilçihanalaryna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanandygy barada habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinden başlap, iki ýurtda meýilleşdirilen iri halkara çäreleriniň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça bilelikdäki işe girişmegi teklip etdi, şol sanda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, şeýle hem GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meselelerini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda suw meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýa, Aral we Hazar sebitlerinde, şeýle hem Amyderýada suw meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki hereketler maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.