Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimizi ýurdumyzda 2026-njy ýylyň şygarynyň yglan edilmegi bilen gutlady
29.12.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa 2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

Gahryman Arkadagymyz öz gutlag hatynda ýurdumyzyň belent ösüşleri, rowaç menzilleri nazarlap gelýän täze — 2026-njy ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylaýandygyny aýtdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýatdan çykmajak taryhy wakalar, içeri hem-de daşary syýasy ähmiýetli ösüşler bilen dabaralandy. 2025-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy giňden bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, halkymyzyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimiziň ornuny nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berlendigini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara ýeňişleri gazanmagyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gutlag hatynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi aýratyn nygtalýar. Bu waka milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.

Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyna salgylandy we ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy däl, eýsem, bütin dünýäniň medeni mirasy bolup durýandygyny aýtdy. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.