Prezident Serdar Berdimuhamedow 27-nji dekabrda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde guralan ýurduň Baş arçasynyň ýanynda geçirilen giň gerimli Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan, paýtagtdan we Arkadag şäherinden çagalar ýygnady.
Depesinde «2026» ýazgysy bolan sekizburçly ýyldyz bilen bezelen ýurduň Baş arçasy dabaranyň geçirilýän esasy künjegi boldy. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyran körpeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Ýaş aýdymçylaryň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýalary hemmelere Täze ýyl şatlygyny paýlady. Uly şatlyk-şowhun bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Ýylanyň we ýylkynyň keşbini janlandyrýan lybaslary geýen çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz körpe nesliň wekilleri bilen bilelikde dostlugy, parahatçylygy, bitewüligi, jebisligi alamatlandyrýan bu baýramçylygyň şatlygyny paýlaşdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan bu dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri çagalary bilen gatnaşdylar.
Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Olaryň çykyşlary ýygnananlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Döwlet sirkiniň artistleri, döredijilik işgärleri haýran galdyryjy çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri döretdi. Ýaşajyk zehinler hem öz başarnyklary bilen hemmelere şatlyk paýlap, türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler.







