Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygary we nyşany tassyklanyldy
27.12.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Bu çözgüt 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem geljek ýylyň nyşanyny tassyklady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Mejlisinde halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda degişli karar taýýarlanyldy.

Geljek ýyl — bedew ýyly aýratyn ähmiýete eýedir, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etmegi Hökümetiň giňişleýin mejlisinde şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.