Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi
27.12.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurduň daşary syýasatda gazanan üstünlikleri barada habar berdi. Wise-premýer Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy.

Mejlisde bellenilişi ýaly, geçip barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň 44, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 24-si geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşýan ýolbaşçylara Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylygyň tertibini ýola goýmagy, baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bazarlarda we dükanlarda dürli görnüşli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmegi, baýramçylyk günlerinde raýatlarymyzyň gowy dynç almagy üçin medeni çykyşlary guramagy, şäherlerde, obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ähli ýerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.