Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji dekabrda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde dikuçarda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsyndan öwrüm edip, bu ýerde alnyp barylýan işler, Hazaryň kenarynyň tebigy aýratynlyklaryny we öz çägini giňeldýän syýahatçylyk zolagynyň täze binalary, ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Häzirki döwürde bu ýerde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Milli Liderimiz dikuçardan halkara ulag geçelgesiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Awazanyň önümçilik toplumlaryny synlady. Şunda Awazanyň ýokary kuwwatly elektrik bekediniň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy Hazar deňziniň kenaryndaky önümçilikleriň, şypahana düzümleriniň, myhmanhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň baş şertini emele getirýär.
Häzirki döwürde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini berkidýän düzüme öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişlikde ählumumy arabaglanyşygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň önümçilik toplumlarynda alnyp barylýan işleriň hem depgini barha ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde himiýa senagatynyň işi kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Balkan welaýatyna şu gezekki iş saparynda “Garabogazkarbamid” zawodynyň işiniň talabalaýyk alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meselelere hem üns berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçuşy tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz wagtdan Milli Liderimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy.







