Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
25.12.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji dekabrda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasy netijesinde 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara çäreleri ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy hem-de olaryň guramaçylyk derejesine degişli taslamalar bilen tanyşdy.

Iş saparynyň dowamynda Milli Liderimiz täze ýylda Hazaryň türkmen kenarynda halkara çäreleriň guraljak ýerinde tutuş adamzat üçin taryhy ähmiýeti bolan meseleleri öz içine alýan forumyň geçiriljek toplumynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň girelgesiniň döwrebaplygy, binanyň enjamlaşdyrylyş derejesi, halkara çäreleriň tapgyrlaýyn pursatlarynyň meýilleşdirilen ýerleri, şeýle hem giň möçberli maslahatlaryň geçiriljek binasynyň içki bezeg işleri bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde geçiriljek çärelere gatnaşjak myhmanlaryň ähli zerur şertler bilen üpjün edilmelidigini, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň doly ornaşdyrylmagyna ýokary derejede üns berilmelidigini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda dikuçarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýokarsynda öwrüm edip, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.