Balkan welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly" atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşma ýylynda bellenilýän ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy. Bu barada "Watan" habarlar programmasy habar berdi.
Çärä welaýatyň ýolbaşçylary, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri, şol sanda ýurduň günbatar sebitinde ýerleşýän nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň bu taryhy döwürde geçen ýoluny şöhlelendirýän täze kitabynyň çap edilmegi bilen gutladylar.
Kitap dokuz bölümden ybarat bolup, türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetini açýar. Eserde Bitaraplygyň gurallarynyň adamzadyň abadançylygyny üpjün etmekde, möhüm meseleleri oňyn çözmekde, dünýäde ynanyşmagy we dostlugy pugtalandyrmakda çylşyrymly ählumumy şertlerde ulanmak ýollary barada gymmatly pikirler öňe sürülýär.







