Çarşenbe güni, 24-nji dekabrda birža söwdalarynda türkmen işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn aldylar.
Daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi we suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 5 272 200,00 manada we 970 650,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.







