Sişenbe güni, 23-nji dekabrda, birža söwdalarynda içerki bazarda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň wekilleri ýerli işewürlerden “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Dokma senagaty ministrliginden türkmen işewürleri nah ýüplügini satyn aldylar.
Daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn almak barada, Türkiýe Respublikasynyň işewürleri bolsa ýerli telekeçilerden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 432 500,00 manada we 3 095 580,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.







