Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
«Türkmennebit» Döwlet konserniniň önümleri birža söwdalarynda
23.12.2025

Duşenbe güni, 22-nji dekabrda, birža söwdalarynda içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden “SN-350”, “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny we umumy nebit koksyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Dokma senagaty ministrliginden türkmen telekeçileri nah ýüplügini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 15 172 700,00 manada deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.