Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekiliýeti Wenada guramanyň Hemişelik Geňeşinde çykyş edip, her ýyl 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň ähmiýetini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda bitaraplygyň ynanyşmagy berkitmäge, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen parahatçylygyň işjeň guralydygyny belledi. Bitaraplygyň dialogy, araçylygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýändigi nygtaldy. Bu bolsa häzirki sebitleýin we ählumumy şertlerde aýratyn möhümdir.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bitaraplyk we oňyn goşulyşmazlyk ideýasyna geljekki ara alyp maslahatlaşmalarda, şol sanda 2026-njy ýylda Şweýsariýanyň başlyklyk döwründe degişli derejede üns beriljekdigine umyt bildirdi. Bu duşuşyk ýylyň iň soňky duşuşygy bolandygy sebäpli, Türkmenistan Finlýandiýanyň başlyklygyna 2025-nji ýylda ýokary derejeli we inklýuziw ýolbaşçylyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, onuň dialogy we Helsinki ýörelgelerini ösdürmäge goşan goşandyny belledi.
Çykyşynyň ahyrynda türkmen tarapy ählumumy we durnukly howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşant goşmak arkaly, ÝHHG-niň çäklerinde hem-de ondan daşarda bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak gymmatlyklaryny öňe sürmegi dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.







