Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň nobatdaky mejlisiniň 2026-njy ýylyň fewral aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlary toparynyň düzümine 29 döwlet girýär. Şu ýyl bu halkara platforma Azerbaýjan, Täjigistan we Eswatini goşuldy.
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary topary Türkmenistanyň başlangyjy bilen esaslandyryldy. Ol BMG-niň çäginde bitarap döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini amaly taýdan ulanmak meseleleri boýunça köptaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy







