Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
20.12.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde 19-njy dekabrda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation», «ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, «Çalyk Holding», «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýapon kompaniýalary bilen ýola goýlan hem-de netijeliligini görkezen gatnaşyklary yzygiderli giňeltmegini dowam etdirýändigini belledi. Şol bir wagtda biz täze, has giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan maksatlara ýetmegi ugur edinýäris.

Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup durýar.

Türkmenistan ykdysadyýetiniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna düşünmek bilen, öz tagallalaryny birnäçe ileri tutulýan wezipelere gönükdirdi. Şolaryň hatarynda ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlaşdyrmak, “ýaşyl” geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli we halkara ulag-logistika arabaglanyşygy ösdürmek ýaly wezipeler bar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurlaryň her biri boýunça ýapon kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy üçin hakyky we özara bähbitli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.

Işewürler hormatly Prezidentimize wagt tapyp, şu duşuşyga gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda beýan eden teklipleriniň möhüm ähmiýetini bellediler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti