Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Nebitgaz toplumynda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
19.12.2025

18-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa toplumyň ähli düzümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Täze kitabyň okyjylara gowuşmagy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň durmuşyndaky ähmiýetli wakadyr.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigini nygtadylar. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ýetilen sepgitler, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň şowly gadamlary we bu ugurda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin durup geçdiler. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň taryhy ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Aýdym-saz bilen utgaşykly dowam eden dabarada hormatly Pezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň giň okyjylar köpçüligine, şol sanda syýasatşynaslara, talyp ýaşlara niýetlenendigi bellenildi. Täze eser Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy döwründe gazananlary bilen tanyşmak üçin ygtybarly gollanma bolup hyzmat edýär.

Şeýle-de dabaranyň dowamynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynda Bitaraplygyň geçen ýolunyň, BMG-niň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň giňişleýin beýan edilýändigini nygtadylar. Bu bolsa Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has belende galmagyny şertlendirýär.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy döwründe özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejelerdäki durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli gurala öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara giňişlikde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalarynyň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar diýip, dabarada çykyş edenler nygtadylar.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen abraýly halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykýar. Halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde paýtagtymyzda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplmatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda geçen döwürde ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň häzirki zaman durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady hökmünde ykrar edilendigi nygtaldy.