Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümleri - Türkmenistanda 18-nji dekabrda geçirilen birža söwdalarynda
19.12.2025

Penşenbe güni, 18-nji dekabrda, birža söwdalarynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň wekilleri ýerli işewürlerden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni we “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Dokma senagaty ministrliginden türkmen işewürleri nah ýüplügini hem satyn aldylar.

Daşarky bazarda Türkiýe döwletiniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 14 273 000,00 manada we 1 495 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy