Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy
16.12.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandy.

Resminamalarda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede guramak boýunça döredilen Döwlet guramaçylyk toparyna ýolbaşçylyk edip, köp sanly halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegine goşan uly şahsy goşandy, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny milli kanunçylyga ornaşdyrmakdaky möhüm orny, berýän gymmatly maslahatlary we öwüt-ündewleri, şeýle-de jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn ähmiýetli hyzmatlary, mundan başga-da halk wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan hem-de raýatlardan gelen teklipler nazara alnyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglandy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti