Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabatda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
13.12.2025

12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak forumyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň halkynyň adyndan mähirli gutlap, foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iri we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, görnükli syýasatçylaryň, parlament agzalarynyň, diplomatlaryň, alymlaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşýandygyny, myhmanlary türkmen topragynda görmegiň türkmen tarapy üçin uly hormat we abraýdygyny aýtdy.

Bitaraplyk Türkmenistanyň şu ýyl dünýäde 80 ýyllyk ýubileýi bellenilýän Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogynyň esasy şerti hökmünde çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we örän möhüm ählumumy meseleleri çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, has giň ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlyga adalatly we sazlaşykly çemeleşmeleri tassyklamakda BMG-niň ýurdumyza jogapkärli hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelderis, milli, sebit hem-de ählumumy maksatnamalary döretmäge we amala aşyrmaga ünsi jemlemegi, olara ýöriteleşdirilen düzümleri çekmegi gazanarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Daşary ýurtlaryň we hökümetleriň Baştutanlary hem ýokary derejeli çärede çykyş etdiler.

Soňra forumyň plenar mejlisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti