Halkara Parahatçylyk
we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly myhmanlar bilen bilelikde Aşgabatda Bitaraplyk binasyna gül goýdy
12.12.2025

Türkmenistan 12-nji dekabrda möhüm baýramçylygy, ýagny BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny belleýär. Baýramyň esasy wakasy Türkmenistanyň parahatçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýän Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary, Türkiýäniň, Eýranyň we Pakistanyň liderleri, şeýle hem Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Premýer-ministri gatnaşdy.

Dabara gatnaşanlaryň şeýle giň, ýokary wekilçilikli düzümi Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatynyň halkara derejede ykrar edilmegini we ähmiýetini tassyklaýan foruma uly üns berilýändigini görkezýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi