Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Türkmennebit” döwlet konserni birža söwdalarynda
26.11.2025

25-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynda esasy üns “Türkmennebit” döwlet konsernine gönükdirildi. Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden umumy nebit koksyny satyn almak barada möhüm geleşikleri baglaşdylar. Bu ýagdaý konserniň içerki bazardaky işjeňligini we mümkinçilikleriniň ulydygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Şol gün daşary ýurt bazarynda hem BAE-niň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden arassalanmadyk, owradylan we guradylan buýan kökleri bilen kök baldaklaryny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Umuman, söwdalaryň dowamynda 5 000 000,00 manat we 29 200,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik ýerine ýetirildi.

24-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynda bolsa daşary ýurt bazarynda BAE-niň işewürleri ýerli işewürlerden Ranforse görnüşli 100% nah matany satyn aldylar. Bu söwdanyň jemi bahasy 65 412,87 ABŞ dollaryna barabar boldy.