Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji noýabrda Gazagystanyň baştutany Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçirilen gepleşigiň çäginde Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, “Merkezi Aziýa +” formatynyň we beýleki sebit mehanizmleriniň çäklerinde özara hereketleri mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk babatda özara haryt dolanyşygynyň durnukly ösýändigi aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamynda Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny, uglewodorod serişdelerini çykarmagyň netijeliligini we ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmaga, elektroenergetika, himiýa senagaty, metallurgiýa, maşyngurluşyk, dokma senagaty, nebithimiýa, tebigy gazy gaýtadan işlemek, şäher gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny tassyklady.
Ulag-logistika ulgamy-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biridigi tassyklandy. Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, oba hojalyk toplumy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselesi ikitaraplaýyn, şeýle-de sebit gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini belläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.







